«Elektron hökümet» – elýeterli hyzmat

21.02.2020

Soňky ýyllarda ýurdumyzda «Elektron hökümeti» döretmek we elektron hyzmatlary etmegiň gerimini giňeltmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Dürli pudaklary ösdürmegiň maksatnamalarynda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga we awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlaryny ulanmaga gönükdirilen çäreleri geçirmäge aýratyn orun berilýär.

Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda ýüze çykan «Elektron hökümet» adalgasy köpler üçin tanyşdyr. Häzirki wagtda maglumat tehnologiýasynyň dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly, «Elektron hökümet» düşünjesiniň döremegine we durmuşa geçirilmegine sebäp bolandygyny aýdyp bolar. «Elektron hökümet» «electronic government» (e-government) adalgasynyň ilkinji gezek ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Bill Klintonyň diwanynyň iş dolandyryş müdirliginde ulanylyp başlanandygy bellenilýär. Ol hem internetiň we maglumat tehnologiýasynyň ösmegine uly itergi berýär. Dünýä tejribesinde bu adalga, adatça, döwlet bilen raýatlaryň, döwlet bilen işewürleriň, döwlet bilen häkimiýetiň aýry-aýry edaralarynyň arasyndaky özara gatnaşyklarynyň guramaçylyk we öňdebaryjy tehniki serişdeleriniň toplumy hökmünde garalýar. «Elektron hökümet» düşünjesi bir ýurtda ýa-da sebitde ýaşaýan raýatlara dürli jemgyýetçilik hyzmatlaryny bermek maksady bilen elektron aragatnaşyk enjamlarynyň, kompýuterleriň we internetiň ulanylmagyny aňladýar. Umuman aýdanyňda, «Elektron hökümetiň» kömegi bilen ýurduň raýatlary hökümetiň ähli pudaklary bilen aragatnaşyk saklap bilýärler, şeýle hem maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ulanylmagy arkaly hökümetiň jemgyýet bilen aragatnaşygy aňsatlaşýar. Elbetde, «Elektron hökümet» bu kesgitlemeler üçin ulanylýan ýeke-täk adalga däl, käwagtlar dünýäde onuň ýerine «internet dolandyryşy», «sanly hökümet» we «onlaýn hökümet» ýaly sözler ulanylýar. «Elektron hökümetiň» esasy maksady döwletiň hyzmatlaryna elýeterliligi ýeňilleşdirmek, raýatlara we kärhanalara köp peýdalary getirmek üçin tehnologiýany ulanmak bolup durýar.

«Elektron hökümet» hyzmatlary saýlawlarda elektron ses bermäge hem mümkinçilik berýär. Bu ulgamy ulanyp, adamlar onlaýn usulda döwlet hyzmatlaryndan aňsatlyk bilen peýdalanyp bilýärler. Mundan başga-da, «Elektron hökümetiň» işe girizilmegi bilen, adamlar dürli hyzmatlara agza bolup, olaryň edaralara gitmeginiň zerurlygyny aradan aýyrýar. Bu ýagdaý bir tarapdan adamlaryň wagtyny tygşytlamaga ýardam edýän bolsa, beýleki tarapdan şäherlerde gatnawyň azalmagyna getirip, daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni alýar.

XX asyryň ikinji ýarymynda dünýä ylmynda ýüze çykan «maglumat jemgyýeti» düşünjesi 50 ýyl bäri kemala gelýär – bu senagat jemgyýeti üçin, täze ugur bolup, onuň jemgyýetçilik gurluşyny kesgitlemek üçin esas bolup hyzmat edýär.