06.02.2025
Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynda Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazow bilen Saud Arabystan Patyşalygynyň ilçisi Said Osman Ahmed Suweýd bilen duşuşyk geçirildi.
Ministirligiň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň dowamynda taraplar daşky gurşawy we howanyň üýtgemegi meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bu ugurda alynyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ugurlara aýratyn üns berildi.
Ilçi Saud Arabystan Patyşalygy tarapyndan Türkmenistanyň ekologiýa başlangyçlaryny goldamak hem-de bilelikdäki taslamalary ösdürmek ugrundaky gyzyklanmalaryny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar bu möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň zerurdygyny tassykladylar diýlip, habarda bellenilýär.