Türkmenistan we HMG adatdan daşary ýagdaýlarda işleri utgaşdyrmagy güýçlendirmek barada ylalaşdylar

27.06.2025

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara Migrasiýa Guramasynyň (HMG) Merkezi Aziýa üçin sebitleýin utgaşdyryjysy Serhan Aktoprak bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşykda Türkmenistanyň Ýakyn Gündogardaky häzirki ýagdaý bilen baglanyşykly konflikti syýasy we diplomatik ýollar arkaly çözmekde, hususan-da, ynsanperwer meseleleri çözmekde işjeňlik görkezendigi bellenildi. Ýurduň bu ýagdaýda alyp barýan işleri tertipli, howpsuz we yzygiderli migrasiýany üpjün etmek borjuny görkezýär, bu bolsa öz gezeginde Bütindünýä Migrasiýa Ylalaşygy baradaky borçnamalaryna laýyk gelýär.

Taraplar adatdan daşary ýagdaýlarda işleriň utgaşdyrylmagyny güýçlendirmek barada ylalaşdylar.

Şeýle-de degişli ugurda şu ýyl üçin Hereketleriň meýilnamasy babatda işleriň gidişi, hususan-da, Howpsuz, tertipli we yzygiderli göçmek boýunça Bütindünýä Ylalaşygynyň ýerine ýetirilişi gözden geçirildi diýlip, habarda aýdylýar.