Türkmen sürüjileri «Ýüpek ýol» rallisinde ýeňiş ugrundaky göreşini dowam etdirýärler

22.07.2025

Doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler halkara derejesindäki «Ýüpek ýol» ralli ýaryşynyň 10-njy tapgyrynda T2 hasabyndaky islendik ýolda ýöreýän ulaglar boýunça iň gowy wagty görkezdiler. Olar ýakyn bäsdeşleri Meýlis Abdyllaýewden 25 minut öňe geçip, umumy hasapda aratapawudy takmynan 7 sagada çenli artdyrdylar. Bu barada Silk Way Rally ýaryşynyň metbugat gullugy habar berýär.

9-njy tapgyrdan soň baýrakly orunlarda düýpli üýtgeşme boldy. Ilkinji orunda barýan Maksatmyrat Daňatarow ýörite tapgyry geçip bilmän, 21 sagat penalti jerimesini aldy. Netijede, «Ýüpek ýol» ýaryşynyň T2 hasabynda 2022-nji ýyldaky ýeňijisi Merdan Toýlyýew öňe çykmagy başardy. Meýlis Abdyllaýew ikinji orna geçdi, ol 6,5 sagatdan gowrak yzda barýar, Maksatmyrat Daňatarow bolsa öňde barýan sürüjiden 14 sagat yzda galyp, üçünji orna tarap süýşmeli boldy.

10-njy tapgyryň uzynlygy 515,46 km, onuň ýörite tapgyry bolsa 257,54 km bolup, Mongoliýanyň Howd şäherinden başlap, Russiýanyň Koş-Agaç şäherinde tamamlandy. Ralli ýaryşyna gatnaşyjylar ýoluň ugrunda dag eteklerini, gaýa gerişlerini geçip, Köller jülgesiniň, Açit-Nuur kölüniň bendiniň boýy bilen ýöräp, bu tapgyry Mongoliýanyň giň sährasyndaky düz ýollarda tamamladylar.

Koş-Agaçda sürüjileri bu sebitiň halklarynyň däplerine laýyklykda baýramçylyk dabaralary bilen garşyladylar.

Ralliniň final tapgyry ýeňil bolmaz. Ulaglar ilki garly belentlikleriň arasynda düz ýollardan ýokary tizlikde ýöräp, soňra bolsa daşly, geçmesi diýseň çylşyrymly bolan ýerlerden geçmeli bolarlar, netijede ýaryş derýanyň kenarynda tamamlanar. Ralliniň soňky bölegi dünýäniň iň gözel tebigatly ýollaryň biri hasaplanýan Çuý trakty boýunça geçer.

«Ýüpek ýol» halkara ralli ýaryşynyň dabaraly jemleýji tapgyry 22-nji iýulda Gorno-Altaýsk şäheriniň Lenin meýdançasynda geçiriler.

T2 hasabynda islendik ýolda ýöreýän ulaglar boýunça diňe üç türkmen ekipažy Nissan Patrol ulagynda gatnaşýar. Olar: doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler (№214), Maksatmyrat Daňatarow we Didar Orazmedow (№215), Meýlis Abdyllaýew we Italmaz Çaryýew (№216).