24.07.2025
23-nji iýunda Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi Mekan Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary ýurtlardaky türklere we doganlyk jemgyýetlere degişli işleri alyp barýan müdirliginiň (YTB) täze bellenen ýolbaşçysy Abdulhadi Turusyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu hakda «Turkmenportal» neşirine Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda bilim, ylym, sport we ýaşlar syýasaty ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi babatynda meseleler we geljekki mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de duşuşykda 2025-nji ýylyň aprel aýynda YTB-nyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijelerine aýratyn üns berildi.
Taraplar 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň Türkiýede bilelikde geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.