Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň täze ilçisini kabul etdi

26.07.2025

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumini kabul etdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, diplomat Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçi duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine Hytaýda möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Ol pursatdan peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ilçini mähirli mübärekläp, ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de onuň ilçi hökmünde alyp barjak işiniň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, HHR-iň Türkmenistan üçin iň möhüm strategik hyzmatdaşlaryň biridigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda ykdysady ulgamyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi aýdyldy. Ýangyç-energetika pudagy hem iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň çäklerindäki başlangyçlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi mähirli kabul edilendigi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny aýtdy.