Türkmenistanda pagta ýygymyna girişildi

11.09.2025

Türkmenistanda pagta ýygymyna köpçülikleýin girişildi. Bu möhüm oba hojalyk möwsümi ýurduň ähli sebitlerinde badalga alyp, oba hojalyk pudagynyň we milli ykdysadyýetiň ösüşinde uly ähmiýete eýedir diýip, TDH ýazýar.

Bellenilişi ýaly, 5-nji sentýabrda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti 10-njy sentýabrda ýurduň ähli welaýatlarynda pagta ýygymyna girişmäge ak pata berip, pagtaçylara we oba hojalyk zähmetkeşleriniň ählisine işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan ýurduň abadançylygy, hormatly Prezidentiň baştutanlygynda täze zähmet ýeňişlerine tarap öňe barýan halkyň rowaçlygy barada doga-dileg edip, “bismilla” bilen pagta ýygymyna badalga berdiler.

Pagtaçylyk Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň biri bolup, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek we milli ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Welaýatlaryň pagta kabul ediş bölümlerine, pagta arassalaýjy kärhanalaryna üsti “ak altyn” bilen doldurylan, baýdaklar, halylar hem-de şygarlar bilen bezelen ulaglaryň ilkinji kerwenleri gelip başlady.

Dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň, gaýtadan işleýän we dokma senagaty önümleriniň sergileri ýaýbaňlandyryldy. Bagşy-sazandalaryň, tans toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy.

Pagtanyň bol hasylyny ýetişdiren öňdebaryjy kärendeçilere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.