Türkmenbaşy etrabynda ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplum gurlar

20.09.2025

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada Ýaponiýanyň «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» we Türkiýe Respublikasynyň «Gap Inşaat Yatirim ve Diş Tiсaret Anonim Şirketi» kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 19-njy sentýabrda degişli Karara gol çekdi.

Resminamada gurluşyk işlerine 2026-njy ýylyň iýul aýynda başlamak we toplumy 2030-njy ýylyň fewral aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Karar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň himiýa pudagynyň eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrmak maksady bilen kabul edildi.