22.09.2025
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpinden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy. HHR-iň Baştutany hatynyň başynda Türkmenistanyň Prezidentine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etmegiň özi üçin uly mertebedigini belleýär.
"Siz ýakynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hem-de Ikinji jahan urşunda hytaý halkynyň gazanan ýeňşiniň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Hytaýa sapary amala aşyrdyňyz. Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda biz dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşdyk hem-de ylalaşyklary gazandyk. Bu bolsa ýurtlarymyzyň arasynda däp bolan dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ugurlaryny kesgitledi. Men hytaý-türkmen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns berýärin hem-de biziň halklarymyzyň bähbidine Hytaýyň we Türkmenistanyň “Bitewi ykbal bileleşigini” gurmagy ilerletmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardyryn" diýip, Si Szinpin "Türkmenistan" gazetinde çap edilen gutlag hatynda nygtaýar.
HHR-iň Başlygy gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, abadançylyk arzuw edýär.