24.09.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşygyň öňüsyrasynda türkmen döwletiniň Baştutany BMG-niň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Baş sekretar Antoniu Guterrişi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň üstünlikli başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlap, Baş Assambleýanyň işiniň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti şu ýyl dünýäde iň abraýly guramalaryň biri bolan Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň bellenilýändigini aýdyp, bu şanly sene mynasybetli Antoniu Guterrişi hem-de BMG-niň ýöriteleşdirilen guramalarynyň ähli işgärlerini tüýs ýürekden gutlady we pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideriniň BMG-niň Baş sekretaryna iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Antoniu Guterriş Gahryman Arkadaga salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, şu gezekki duşuşyga Türkmenistanyň BMG bilen möhüm meseleler boýunça hyzmatdaşlygynyň özboluşly dowamy hökmünde garaýandygyny aýtdy hem-de sebitleýin we ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdine Türkmenistanyň goşýan goşandyny belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.
Duşuşygyň barşynda Antoniu Guterriş «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistana hoşallyk bildirip, bu forumyň we onuň dowamynda kabul edilen resminamalaryň BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň meselelerini çözmek boýunça alyp barýan işinde täze tapgyry açandygyny belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Awaza syýasy Jarnamasynyň we Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň netijeli durmuşa geçirilmegini gazanmagy maksat edinýändigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.
BMG-niň Baş sekretary çakylyk üçin hoşallyk bildirip, baý taryhy we özboluşly medeni mirasy bolan Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we dünýä giňişliginde parahatçylyk taglymlaryny ilerletmekde möhüm ornuny belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagy we giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklap, Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan goşandy üçin Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.