Türkmenistan Köp dilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmegi teklip etdi

24.09.2025

Türkmenistan Köp dilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmegi teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda aýtdy.

«Häzirki wagtda giň ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, halklaryň arasynda ýakynlaşmagy we özara düşünişmegi ösdürmekde, hümmetsizlenmegi we ruhy päsgelçilikleri ýeňip geçmekde BMG-niň ornuny güýçlendirmegiň möhümdigine ynanýarys» diýip, döwlet Baştutany belledi.

Bu başlangyç medeniýetleriň arasyndaky gepleşikleri we Baş Assambleýanyň halkara gatnaşyklarda köp dilliligi goldamak baradaky kararlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmegi maksat edinýär.