Türkmenistanda Irlandiýanyň täze ilçisi işe başlady

01.10.2025

Düýn Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D. Gulmanowa Irlandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Kler Brosnandan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barjak jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda ilçi Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Şeýle-de diplomata Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi we onuň ýurduň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işleri barada gürrüň berildi.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-irland hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we onuň ösüşiniň geljekki mümkinçilikleri barada-da pikir alyşmalar boldy. Şunda taraplar milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga, iki döwletiň hyzmatdaşlyga bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Irlandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi sebitde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilen, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna goldaw berýän Türkmenistanda ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi.

***

Şeýle-de düýn Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S. Muhammetdurdyýew bilen Irlandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) hanym Kler Brosnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Irlandiýanyň ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapy diplomatyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen işinde ähli ýardamy we goldawy bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de köptaraplaýyn meýdançalarda ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etmegiň ähmiýeti nygtaldy. Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmek hem-de iki ýurduň ylym-bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Irland tarapy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara çärelere işjeň gatnaşmaga çagyryldy.

Duşuşygyň ahyrynda ilçi türkmen-irland hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny tassyklady.