04.10.2025
Türkmenistanda ilkinji gezek maýyplygy bolan çagalary yzygiderli ýagdaýda umumybilim berýän ulgama goşmagy maksat edinýän synag taslamasy işe girizilýär.
Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen ÝUNISEF guramasy birleşen tagallalaryny amala aşyrdylar.
ÝUNISEF-iň metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, taslama inklýuziw we howpsuz bilim gurşawyny döreder. Ol maýyplygy bolan çagalar üçin bilimiň elýeterliligini ýokarlandyrmaga, olaryň jemgyýete goşulyşmagyny goldamaga, şeýle hem maýyplyk bilen bagly jemgyýetçilik düşünjeleri bilen göreşmäge gönükdirilen köpugurly we yzygiderli goldaw bermeklik bilen utgaşdyrylar.
Taslama Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ýakyn hyzmatdaşlykda amala aşyrylar. Bu hyzmatdaşlyk mekdeplerde inklýuziw okuw usullaryny ornaşdyrmaga, goldaw berýän kadalaşdyryjy namalaryň işlenip düzülmegine we jemgyýetde kabul edişlik hem-de inklýuziýa ugrunda giň jemgyýetçilik üýtgeşmelerine goşant goşmaga mümkinçilik döreder.
Taslamanyň işi Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan kabul edilen Inklýuziw bilim boýunça milli konsepsiýanyň durmuşa geçirilmegine hem ýardam eder.
Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde ÝUNISEF maýyplygy bolan çagalar üçin elýeterliligi üpjün etmek maksady bilen, synag mekdepleriniň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmagy goldar. Bu işe kömekçi tehnologiýalaryň we serişdeleriň üpjün edilmegi hem girýär. Taslama maýyplyk bilen bagly ýaramaz garaýyşlara garşy göreşmek we inklýuziw bilimiň ähmiýetini has giňişleýin düşündirmek maksady bilen, mugallymlar, ene-atalar we ýerli jemgyýetler hem işjeň gatnaşarlar.
Mugallymlaryň, terbiýeçileriň we inklýuziw usullar boýunça hünärmenleriň başarnyklaryny ösdürilmek arkaly, taslama maýyplygy bolan çagalara yzygiderli, şahsylaşdyrylan goldaw berer. Bu bolsa olaryň ukyp-başarnyklarynyň doly açylmagyna we jemgyýetiň durmuşyna doly gatnaşmagyna ýardam eder.
Inklýuziw bilimi ösdürmek bilen bu taslama diňe bir maýyplygy bolan çagalar üçin mekdepleriň gapylaryny açmak bilen çäklenmän, eýsem jemgyýetde olara bolan garaýşyň üýtgemegine hem itergi berer — her bir çaga üçin okamak, ösüp-ýetişmek we üstünlik gazanmak mümkinçiligi dörediler.