08.10.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Gabalada geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň ekologiýa howpsuzlygyna gönükdirilen nobatdaky sammiti geçirmäge taýýardygyny mälim etdi. Bu barada TDH agentligi habar berýär.
«Häzirki wagtda Hazar deňziniň ekologiýa ýagdaýyny göz öňünde tutup, ýokary derejeli duşuşygyň esasy mowzugy hökmünde onuň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini kesgitlemek maksadalaýyk bolar» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
«Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky sammitini geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklap, Hazar deňziniň häzirki ekologiki ýagdaýyny göz öňünde tutup, bu sammitiň esasy mowzugy hökmünde deňziň ekologiki howpsuzlygynyň üpjün edilmegi bilen bagly meseleleriň orta çykarylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy» - diýlip, TDH agentliginiň habarynda bellenilýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Hazar sebitindäki hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berdiler. Hususan-da, howpsuzlyk, ykdysadyýet, ekologiýa, söwda, deňiz gatnawy we ylmy-barlaglar boýunça bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy nygtaldy.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Özara haryt dolanyşygynyň netijeliligini belläp, bar bolan mümkinçiliklerden has giňişleýin peýdalanmagyň möhümdigini nygtadylar. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyna möhüm orun degişlidir.
Şeýle hem ulag-logistika, energetika, oba hojalygy, dokma senagaty we täze tehnologiýalar ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.