11.10.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitindäki çykyşynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşi hemişe sebitiň halklaryny we döwletlerini birleşdirýän berk binýat diýip atlandyrdy. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutanynyň sözlerine görä, Türkmenistan döwletara gatnaşyklarynda umumy taryhy mirasa, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, deňhukuklylyk taglymlaryna ygrarlylyga esaslanýar, hemişe olaryň mizemez gymmatlyklardygyny tekrarlaýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa bilen Russiýanyň arasyndaky ynsanperwer, ylym-bilim gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň möhümdigini nygtady.
— Bu gatnaşyklar hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrýar, geljek üçin berk esasy döredýär, ýurtlarymyzyň halklarynda, şol sanda ýaşlarda birek-birege hormat goýmagy terbiýeleýär. Biz bu oňyn meýilleri goldamalydyrys we höweslendirmelidiris — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.