Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýa Patyşalygynyň Milli baýramy bilen gutlady

13.10.2025

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI-a we ýurduň ähli halkyna Ispaniýa Patyşalygynyň Milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Filipp VI-a tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Ispaniýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Ispaniýanyň milli baýramçylygy her ýylyň 12-nji oktýabrynda bellenilýär.