Arkadag şäherinde ylmy-amaly maslahat geçirildi

13.10.2025

Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynyň mejlisler jaýynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglyk» Döwlet maksatnamasy: şanly sepgitler, möhüm wezipeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, oňa şäheriň hem-de onuň saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylary we lukmanlary bilen birlikde, Germaniýanyň, Türkiýäniň ýurtda saparda bolýan tejribeli lukmanlary-da gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşan daşary ýurtly lukmanlar Garaşsyz Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ölçeglerine laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünliklerine, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde ýeten sepgitlerine ýokary baha berdiler.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Erfurt uniwersitet klinikasynyň hirurgy, professor Hendrik Bergert çykyşynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýürek-damar keselleri bilen baglylykda, kardiohirurgiýa lukmançylygyndaky wezipeleri çözmek, gan-damar hirurgiýasynyň meseleleri, wisseral hirurgiýa boýunça giňişleýin durup geçdi.

Ylmy-amaly maslahatda çykyş eden türkmenistanly lukmanlar Arkadag şäherinde gurlan döwrebap saglyk merkezleriniň mümkinçilikleri we enjamlaşdyrylyşy, daşary ýurtly hünärmenler bilen yzygiderli häsiýete eýe bolýan tejribelikler we okuwlar barada giňişleýin durup geçdiler.

Soňra bu ýerde Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynyň transplantologiýa lukmanlar toparyna Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasy tarapyndan noutbuk kompýuterleri sowgat hökmünde gowşuryldy.