01.11.2025
Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň ýerine ýetiriji komiteti 2029-njy ýylda Aziýanyň IV ýaşlar oýunlaryny Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirmek kararyna geldi. Bu barada Bahreýnde geçirilen Aziýanyň III ýaşlar oýunlarynyň ýapylyş dabarasynda habar berildi — diýip, olympic.uz saýty ýazýar.
Aslyýetinde, Özbegistanyň paýtagty bu ýaryşlary 2025-nji ýylda kabul etmelidi. Ýöne 2024-nji ýylyň dekabrynda Aziýanyň Olimpiýa geňeşi oýunlary geçirmek hukugyny Bahreýne geçirdi, sebäbi Daşkentde Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygy bellenilen möhletde tamamlanyp ýetişmedi.
Aziýanyň ýaşlar oýunlary ilkinji gezek 2009-njy ýylda döredildi. Ilkinji ýaryşlar Singapurda, ikinjisi bolsa 2013-nji ýylda Hytaýyň Nankin şäherinde geçirildi. Üçünji oýunlar 2025-nji ýylda Bahreýnde bolup geçdi we şol ýerde özbegistanly türgenler ýurduň bu ýaryşlarynyň taryhynda iň gowy netijeleri görkezdiler.