Türkmenistan ABŞ-nyň Kongresi bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

08.11.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde ABŞ-nyň Kongresiniň wekiller palatasynyň daşary işler boýunça komitetiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kiçi komitetiniň Başlygy Bill Hýuzenga hem-de orunbasary Sidni Kaý Kamlager-Daw bilen duşuşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler hem-de hormatly Prezidentiň şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini nygtadylar.

Döwlet Baştutany hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ABŞ bilen syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz şu ýyl Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň «Merkezi Aziýa + Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky hyzmatdaşlygyna 10 ýyl dolýandygyny, bu hyzmatdaşlygyň howpsuzlyk, ykdysady, howa we energetika meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli binýada öwrülendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň gazanylan netijelere ýokary baha berýändigini hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ABŞ-nyň Kongresi bilen özara hyzmatdaşlyga ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugry hökmünde garaýar. Bu hyzmatdaşlyk kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilendir.

Soňky ýyllarda Kongresiň wekilleriniň Türkmenistana saparlary amala aşyryldy hem-de parlamentara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam berýän çäreler geçirildi diýip, döwlet Baştutany belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de ABŞ-nyň Kongresiniň wekiller palatasynyň daşary işler boýunça komitetiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kiçi komitetiniň Başlygy Bill Hýuzenga hem-de orunbasary Sidni Kaý Kamlager-Daw özara düşünişmäge we ynanyşmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.