15.11.2025
Türkmenistanyň Prezidentiniň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagyna hem-de Özbegistan Respublikasyna meýilleşdirilen döwlet saparyna taýýarlyk görülýär. Ozal habar berşimiz ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly şu gün geçirilen mejlisiniň dowamynda hasabat berdi.
Ýakyn, goňşy we sebit döwletleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli esasda ösdürmek, ýurduň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy uzakmöhletleýin we durnukly esasda ilerletmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Bellenilişi ýaly, Daşkent şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň gün tertibi döwletara hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny, şol sanda sebitde netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de möhüm sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alyşmalary öz içine alar. Mundan başga-da, sammitiň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen ugurdaş çäreleriň birnäçesi guralar.
Mälim bolşy ýaly, Özbegistan bilen diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň fewral aýynda ýola goýuldy. Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy hoşniýetli goňşuçylyk, dostlukly dialogy ösdürmek bilen syýasy diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnamalaýyn hukuk binýady döredildi. Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde ýokary derejedäki gepleşiklerden we beýleki degişli çärelerden başga-da, türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezini işe girizmek dabarasy meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde, dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi hem-de Özbegistan Respublikasynyň ýakyn goňşy döwletleriň biri bolup durýandygyny, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere konsultatiw duşuşyga hem-de döwlet saparyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.