19.11.2025
18-nji noýabrda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat ş.) baş konsuly Guwançmyrat Ataýew Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Rezawi welaýatynyň häkimi Golamhosseýn Mozaffari bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň Mary welaýaty bilen EYR-nyň Horasan-Rezawi welaýatynyň arasyndaky Ykdysady, söwda, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegindäki orny barada nygtadylar. Şeýle hem iki ýurduň welaýat häkimleriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetleriň özara saparlarynyň amala aşyrylmagynyň hem-de saparyň çäklerinde sergileriň we medeniýet işgärleriniň çykyşlarynyň guralmagynyň ähmiýetini bellediler.
Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr, ylym-bilim, sport we saglygy goraýyş ulgamy bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.