20.11.2025
18-nji noýabrda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy J.Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetinde maslahat geçirdi. Oňa uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet Pedagogik uniwersitetiniň, Özbegistan Respublikasynyň Ş.Raşidow adyndaky Samarkant döwlet uniwersitetiniň, Samarkant şäherindäki Ýüpek ýoly halkara syýahatçylyk we medeni miras uniwersitetiniň, Gazagystan Respublikasynyň Al-Farabi milli uniwersitetiniň we Gyrgyz Respublikasynyň K.Ş.Toktomamatow adyndaky halkara uniwersitetiniň wekilleri utgaşykly görnüşde gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýeti, şeýle hem bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen ösdürýän özara peýdaly gatnaşyklarynyň ähmiýeti nygtaldy.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň garaşsyzlykdan bäri ýurduň iň möhüm üstünlikleriniň biridigi we onuň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alamatlandyrýandygy bellenildi.
Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda syýasy, ykdysady, medeni we sosial ulgamlarda türkmen döwletiniň gazanan möhüm üstünliklerini belläp geçdiler.
Çäräniň dowamynda Türkmenistan barada wideoýazgy görkezildi we ýurduň baý medeni mirasyny görkezýän sergi guraldy.