09.01.2026
Lebap welaýatynyň daýhanlary pagta ekmek möwsümine giň gerimde taýýarlyk işlerini alyp barýarlar. Ekiş döwründe ýokary öndürijilikli tehnikalaryň netijeli ulanylmagy bu jogapkärli möwsümiň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegini üpjün eder.
Welaýatda ekiş möwsümine borona-malalaryň 7 müň, 4 hatarly SÇH – 4B görnüşli kämil ekijileriň 393- si, «Monosem» görnüşli takyk gowaça ekijileriň 64-si tehniki taýdan gözden geçirilip, möwsüme doly taýýarlandy – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Şol bir wagtyň özünde, welaýatda gowaça ekijiler bilen birlikde gögeriş gazanylan ýerlerde gowaçalaryň hatarara bejergisini geçirmeklige niýetlenen oba hojalyk gurallaryny we tirkeglerini taýýarlamak işleri hem jemleýji tapgyrda alnyp barylýar.
Mundan başga-da, welaýatda 66 sany 6 hatarly «Orthman-8325» görnüşli kultiwatorlaryň we 33 sany 8 hatarly «Orthman-8375» kysymly kultiwatorlaryň ählisi, şeýle hem KHU-4B görnüşli kultiwatorlaryň hem 991 sanysy, çuň ýumşadyjylaryň 67-si, çizelleriň hem 27-si doly gözden geçirilip, möwsüme taýýarlyk ýagdaýyna getirilipdir.
Ekiş tehnikasy we tirkeg enjamlary üçin zerur ätiýaçlyk şaýlary Türkmenabadyň abatlaýyş zawodynyň önümçiliginde taýýarlanýar – diýip, çeşmede bellenilýär.