Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda möhüm çärelere taýýarlyk görmek meselesi maslahatlaşyldy

09.01.2026

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 – 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň netijelerini jemlemek işi jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, diplomatlar bu hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin Ýolbaşçy komitetiň işiniň möhümdigi nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 – 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen işleri guramak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda türkmen tarapynyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, bölümleriniň we maksatnamalarynyň Türkmenistandaky edaralarynyň ýerleşmeklerini giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Şeýle-de taraplar BMG-niň Türkmenistandaky maksatnamalaýyn taslama işleriniň gidişine seredip geçdiler. Gol çekilen resminamalaryň çäklerinde häzirki wagtda ikitaraplaýyn we sebitleýin derejede onlarça taslamanyň we maksatnamanyň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Mundan başga-da, taraplar FAO-nyň maslahaty, ýaş diplomatlar üçin okuwlar we beýlekiler ýaly bilelikdäki möhüm çärelere taýýarlyk görmek we olary geçirmek barada pikir alyşdylar.