Türkmenistanyň ilçisi Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy bilen duşuşdy

22.01.2026

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Tokioda Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň maksady 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny, şol sanda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da berkitmek üçin Türkmenistanda bilelikdäki ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Ýapon tarapy 2025-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Tokio şäherinde geçirilen ilkinji «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň Sammitinde Türkmenistanyň Prezidentiniň beýan eden ykdysady taslamalary boýunça, şol sanda sirkulýar ykdysadyýet taslamasy boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny tassyklady.

Duşuşykda Arkadag şäherindäki lukmançylyk klasterini mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy.

Taraplar 2026-njy ýylda Tokio şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki 16-njy mejlisini geçirmek üçin degişli senäni bellemek barada ylalaşdylar.