Türkmenistanyň Prezidenti ýollaryň gurluşygyna we saklanyşyna gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy

07.02.2026

Türkmenistanyň Prezidenti ýollaryň gurluşygyna we saklanyşyna gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy. Bu barada döwlet Baştutany sanly ulgam arkaly 6-njy fewrlada geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedowa tabşyryk berdi.

TDH agentliginde habar berlişi ýaly, gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 133,9 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 105,6 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 119,1 göterim, Energetika ministrligi boýunça 114,9 göterim ýerine ýetirildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 170,8 göterime deň boldy. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan degişli meýilnama 106,2 göterim berjaý edildi. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 112,9 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, gurluşyk pudagynda göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň, ýurtdaky himiýa kärhanalarynyň işini döwrebap guramak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, elektroenergetika pudagynyň kuwwatyny artdyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutany wise-premýere ýollaryň gurluşygyna we saklanyşyna gözegçiligi güýçlendirmegi, binalardyr desgalary ýokary hilli gurup, bellenen möhletde ulanmaga bermek üçin alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.