TDHÇMB-niň çarşenbe günündäki geleşikleri 32 million manada golaýlady

12.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni geçiren söwdalarynda jemi bahasy 31 million 775 müň manatlyk geleşik baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berdi.

Içerki bazar üçin ýerli işewürler “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP Z 30 G” kysymly polipropileni, “Türkmengallaönümleri” döwlet bileleşiginden 1-nji hilli bugdaý ununy we Dokma senagaty ministrliginden nah çig matany satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýe döwletiniň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni, Gyrgyzystanyň işewürleri bolsa ýerli işewürlerden dokma önümlerini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 5 million 135 müň 941,40 ABŞ dollaryna deň boldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda türkmen işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 253 million 664 müň 200 manada barabar bolan geleşik baglaşdylar.