Türkmenistan emeli aň we maglumat merkezleri boýunça milli strategiýa taýýarlar

19.03.2026

Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew milli maglumatlary gaýtadan işlemek merkezini (Data Center) gurmak, emeli aň boýunça döwlet strategiýasyny işläp taýýarlamak hem-de «Türkmentelekom» kärhanasynyň esasynda ýöriteleşdirilen Emeli aň ösüş merkezini döretmek meýilnamalary barada habar berdi. Bu barada ministriň «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumda eden çykyşynda aýdyldy.

Giň gerimli sanly özgertmeler «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäginde alnyp barylýar. Resminama 5G tehnologiýalaryny, bulut hyzmatlaryny, uly maglumatlary (big data), zatlaryň internetini (IoT) we fintehi ornaşdyrmagy, şeýle hem elektron hökümeti, telemedisinany we uzakdan bilimi döwrebaplaşdyrmagy öz içine alýar.

Emeli aňy ulanmak arkaly synag taslamalary eýýäm dört pudakda — bilim, saglygy goraýyş, oba hojalygy we ýol hereketini dolandyrmak ulgamlarynda işe girizildi. Şol bir wagtda «akylly» Arkadag şäherinde öňdebaryjy sanly çözgütleri ulanmak arkaly gurluşygyň ikinji tapgyry dowam edýär; IT-merkezleri paýtagtda hem-de Arkadag şäherinde döredilýär.

Şeýle-de ministrligiň ýolbaşçysy uly daşary ýurt internet platformalary bilen elektron söwdany ösdürmek boýunça gepleşikleriň alnyp barylýandygyny habar berdi hem-de daşary ýurtly maýadarlary ýurduň sanly infrastrukturasyna maýa goýmaga çagyrdy. Ol muny aragatnaşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmagyň «iň netijeli çözgütleriniň biri» diýip atlandyrdy.