Türkmenistanda saýlawlar boýunça möwritinden öň ses bermek başlandy

20.03.2026

Türkmenistanda saýlawlar boýunça möwritinden öň ses bermek başlandy 19-njy martda Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary, şeýle hem Mejlisiň we ýerli wekilçilikli edaralaryň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlar boýunça möwritinden öň ses bermek tapgyryna badalga berildi.

TDH-nyň habar bermegine görä, bu prosedur Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda amala aşyrylýar. Ol esasan 29-njy martda — saýlawlaryň geçiriljek esasy gününde dürli sebäplere görä (iş sapary, rugsat we ş.m.) ses bermäge gatnaşyp bilmejek raýatlar üçin niýetlenendir.

Saýlawlary guramaçylykly geçirmek üçin jemi 578 saýlaw uçastogy taýýarlanyldy. Saýlawçylaryň sanawyna 658 924 raýat girizilip, olaryň 11 373-si bu syýasy çärä ilkinji gezek gatnaşar.
Ses bermegiň barşyna syýasy partiýalardan we jemgyýetçilik guramalaryndan bellenen 667 sany milli synçy gözegçilik edýär. Möwritinden öň ses bermek her gün sagat 08:00-dan 18:00-a çenli dowam eder.