Balkanyň Uzynada käninden nebit we gaz kondensatynyň bol akymy alyndy

24.03.2026

“Nebitgazburawlaýyş” trestiniň “Körpeje” buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Uzynada nebit-gazly käniniň 75-nji ulanyş maksatly guýusynda özleşdirme işlerini geçirip, nebit we gaz kondensatynyň bol akymyny aldylar.

“Körpeje” buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary tehniki-sazlaýyş işleri üstünlikli tamamlanan bu täze guýyny “Gumdagnebit” nebit-gaz çykaryş müdirligine ulanyşa berdiler. Bu barada sişenbe güni çap edilen “Nebit-Gaz” gazetinde habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu guýy bir gije-gündizde 91,7 kub metr nebit we gaz kondensatyny berýär.

Häzirki wagtda müdirligiň hünärmenleri Uzynada käniniň üç sany guýusynda gazuw işlerini ýokary depginlerde alyp barýarlar.