02.04.2026
Türkmenistan we Azerbaýjan Türkmenbaşy halkara deňiz portunda düýbi çuňlaşdyryş işleri arkaly infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak hem-de port arkaly ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu meselä çarşenbe güni Baku şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen “Azerbaýjanyň demir ýollary” ÝGPJ-niň başlygy Rowşan Rustamowyň arasynda geçirilen duşuşygyň çäklerinde garaldy.
“Azerbaýjanyň demir ýollary” ÝGPJ-niň habar bermegine görä, türkmen wekiliýetine Baku portunyň ösüşi barada, şol sanda onuň Azerbaýjanyň demir ýol ulgamy bilen integrasiýa edilenden soň durmuşa geçirilen taslamalar barada maglumatlar berildi. Portuň Transhazar geçelgesi boýunça multimodal daşamalary üpjün etmekdäki strategik ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Azerbaýjanyň ulag infrastrukturasyna uly möçberli maýa goýmagynyň netijesinde geçen ýyl port boýunça 100 müň TEU-dan gowrak ýük daşaldy.
Taraplar iki ýurduň demir ýol düzümleriniň we deňiz portlarynyň arasyndaky utgaşyklylygy güýçlendirmek maksady bilen sanly maglumat alyş-çalşygyny ornaşdyrmagyň möhümdigini bellediler.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Transhazar geçelgesiniň we Ýewraziýa ulag ugrunyň ösüşiniň çäklerinde multimodal daşamalar ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem Gündogar–Günbatar–Gündogar ugrunda ýük daşalmagyny artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.