Türkmenistan we Halkara Zähmet Guramasy hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar

18.04.2026

Şu gün Türkmenistanyň DIM-inde daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Miranda Faýermanyň ýolbaşçylygyndaky Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

HZG-niň wekiliýetiniň saparynyň esasy maksady amaly çäreleri geçirilmekden, hususan-da, ýurduň welaýatlarynda döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik hyzmatdaşlaryň giň toparynyň gatnaşmagynda bilelikdäki «tegelek stol» maslahatlaryny geçirmekden ybarat.

Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň HZG bilen hyzmatdaşlygynyň ulgamlaýyn we durnukly häsiýete eýedigini belläp geçdiler. Bu hyzmatdaşlyk milli kadalaşdyryjy binýady kämilleşdirmegi we halkara zähmet ülňülerini ornaşdyrmagy öz içine alýar. Bilelikdäki başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginde pudagara utgaşdyrmanyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlygyň «Ýol kartasynyň» durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi. Oňa anyk we ölçärlikli netijeleri gazanmagyň esasy guraly hökmünde garalýandygy nygtaldy.

Taraplar geçirilýän çäreleriň netijelerine oňyn baha berdiler. Hususan-da, 2025-nji ýylyň barlaglarynyň netijeleriniň hödürlenmegi we ýerlerde amaly seslenmäniň alynmagy bellenildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmäge we netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.