04.05.2026
Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 2026-njy ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 5,2 milliard manatdan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.
Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 4 milliard 150 million 719 müň 944 manada ýetdi.
Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 868 million 262 müň 398 manatdan gowrak söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 34 million 998 müň 26 manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy.
Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 124 million 750 müň 189 manatdan we “Internet bank” ulgamy arkaly 3 million 314 müň 896 manatdan geçdi.
Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 72 million 163 müň 669 manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.