Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

29.06.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy iýunda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi.

Söhbetdeşligiň başynda Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, oňa berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, rowaçlyk, şeýle hem türkmen halkynyň parahatçylygyny we gülläp ösmegini arzuw etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bolsa Özbegistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berdi.

Habarda bellenilmegine görä, taraplar strategik hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda özara haryt dolanyşygynyň yzygiderli artýandygy, senagat, energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk taslamalarynyň durmuşa geçirilýändigi, şeýle hem “Şawat – Daşoguz” serhetýaka söwda zolagynyň netijeli işleýändigi bellenildi.

Taraplar söhbetdeşligiň dowamynda ýakynda Aşgabatda geçirilen türkmen-özbek Hökümetara toparynyň we Işewürler geňeşiniň mejlisleriniň netijelerine hem ýokary baha berdiler. Şeýle hem şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda geçiriljek Azerbaýjanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde sebit gün tertibini utgaşdyrmak we ilerletmek meselelerine garadylar.

Источник: business.com.tm