Türkmenistanda Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara toparyň mejlisi geçirildi

20.07.2026

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Pudagara toparynyň 65-nji mejlisi geçirildi. Bu barada ýurduň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.

Mejlisiň dowamynda Pudagara toparyň 2026-njy ýyl üçin çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda şu ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabat diňlenildi. Şeýle hem oňa gatnaşyjylar 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Hazar ekologik sammiti bilen bagly resminamalaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Çykyş edenler Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan daşky gurşawy goramak boýunça BMG-niň birnäçe halkara konwensiýalaryna goşulmak bilen, durnukly ösüş we daşky gurşawy goramak ugurlarynda öz üstüne alan halkara borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär hem-de bu ugurda dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny ösdürýär.
Şeýle hem mejlisde Hazar deňziniň güni mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi we olary guramaçylyk taýdan üpjün etmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, Pudagara toparyň işini ylmy esasda has-da kämilleşdirmek hem-de bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.