22.07.2026
20-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň 104-nji umumy mejlisiniň çäklerinde dünýäde ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga bagyşlanan ýokary derejeli mejlis geçirildi. Onda Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan ýurduň içeri işler ministriniň orunbasary Öwezgeldi Kakalyýew çykyş etdi.
Ministriň orunbasary çykyşynyň başynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň başlygynyň edarasyna şeýle möhüm çärä gatnaşyp, Türkmenistanda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň 2021–2030-njy ýyllar üçin Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hereketleriň onýyllygynyň maksatlaryna ygrarlydygyny tassyklady.
Onuň bellemegine görä, Türkmenistan ýol-ulag hadysalarynda şikes ýetmeleri diňe bir aýry bir pudagyň meselesi hökmünde däl-de, eýsem umumymilli we umumadamzat ähmiýetli mesele hökmünde kabul edýär. Şol sebäpli hem bu ugurda döwletara derejede toplumlaýyn çemeleşmäniň zerurdygyny nygtady. Şeýle-de ol ýol-ulag hadysalary bilen bagly töwekgelçilikleriň tebigy betbagtçylyk däldigini, olaryň öňüni alyp boljak hadysalardygyny aýdyp, dünýä bileleşigini bu ugurda has çalt we utgaşdyrylan çäreleri görmäge çagyrdy.
Çykyşda Türkmenistanda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen durmuşa geçirilýän birnäçe çäreler barada hem maglumat berildi. Hususan-da, her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäräniň, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetiniň karary bilen tassyklanan ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça milli maksatnamanyň ähmiýeti bellenildi. Şeýle-de bu maksatnamany durmuşa geçirmek maksady bilen ähli ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda ýol-ulag hadysalarynyň sanyny azaltmaga gönükdirilen aýratyn çäreleriň meýilnamalarynyň işlenip taýýarlanandygy aýdyldy.
Şeýle hem ministriň orunbasary şu ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanda Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekse üýtgetmeleri girizmek baradaky Kanunyň kabul edilendigini, onuň ýol hereketiniň kadalaryny bozanlar üçin jogapkärçiligi has-da güýçlendirýändigini habar berdi.
Halkara hyzmatdaşlygy barada aýdyp, ministriň orunbasary Türkmenistanyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, GDA ýurtlary we Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýol hereketiniň howpsuzlygy merkezi bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini, tejribe alyşmak hem-de bu ugurdaky kadalaşdyryjy binýady kämilleşdirmek boýunça geçirilýän halkara çärelere gatnaşýandygyny belledi.
Çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň wekili mejlise gatnaşyjylara hoşallyk bildirip, ýurduň Hökümetiniň, hususan-da, Içeri işler ministrliginiň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňde goýlan maksatlara ýetmek ugrunda tagallalaryny mundan beýläk-de dowam etdirjekdigini tassyklady.