22.07.2026
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda 20-nji iýulda halkara «e-TIR» sanly ulgamynyň ulanylmagy bilen ilkinji ýük daşamalaryny amala aşyrmak boýunça utgaşdyryjy meselelere hem-de tehniki goldaw bermäge bagyşlanan bäş günlük maksatnamalaýyn çäreler başlandy. 22–24-nji iýul aralygynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda UNECE-niň goldaw bermeginde «e-TIR» ulgamynyň ulanylmagy bilen ilkinji ýük daşamalaryna synag geçiriler we IRU-nyň bilermeni Wahtang Zarandiýa tarapyndan degişli okuw çäreleri guralar. Bu barada Türkmenistanyň gümrük gullugynyň metbugat bölümi habar berdi.
Maksatnamanyň çäklerinde, Türkmenistanda «e-TIR» ulgamyny işe girizmegiň amaly taraplaryna hem-de Azerbaýjan–Türkmenistan–Özbegistan ugry boýunça ilkinji synag daşamasyny guramaga bagyşlanan giňeldilen tehniki maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň gümrük edaralarynyň wekilleri, şeýle hem halkara guramalaryň — IRU, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) we Söwda hem-de ösüş boýunça BMG-niň konferensiýasynyň (UNCTAD) hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda, Türkmenistanyň sebitde ilkinjileriň hatarynda «e-TIR» ulgamyny halkara ýük daşamalarynda üstaşyr geçirilýän awtoulag serişdeleri üçin işe girizýändigi bellenildi. Bu bolsa ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň özüne çekijiligini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedir.