Aşgabatda türkmen-özbek işewürlik forumy öz işine başlady

27.07.2026

27-nji iýulda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda türkmen-özbek işewürlik forumy öz işine başlady.

Forumyň açylyşynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Azat Nazarow oňa gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Şeýle hem forumyň açylyşynda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow çykyş etdi.

Aşgabatda türkmen-özbek işewürlik forumy öz işine başlady

Forumyň maksatnamasynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň gurluşyk hem-de senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlaryna bagyşlanan mejlisiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň, şeýle hem gurluşyk materiallaryny we senagat enjamlaryny öndürmek bilen meşgullanýan özbek kompaniýalarynyň wekilleriniň çykyş etmegine garaşylýar.

Forumyň umumy we pudaklaýyn mejlisleri tamamlanandan soň, maksatnama laýyklykda Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bilen Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetiniň arasynda, şeýle hem iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler.