29.07.2026
27-nji iýulda Ženewada Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň wekiliýeti bilen BSG-nyň Baş direktorynyň orunbasary Çžan Sýançeniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga BSG-na goşulmak meseleleri boýunça bölümiň müdiri Maýka Oşikawa hem gatnaşdy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Bütindünýä söwda guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem ýurduň BSG-na agza bolmak işiniň çäklerinde geljekki hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistanyň daşary söwda düzgünleri baradaky Ähtnamany taýýarlamak meselesine, şeýle hem guramaçylyk häsiýetli beýleki meselelere aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.