HGI-niň binýadynda «Halkara hukugy» atly Aşgabat halkara platformasy dörediler

03.08.2026

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda «Halkara hukugy» atly Aşgabat halkara platformasy dörediler. Degişli teklip 1-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow tarapyndan beýan edildi.

TDH-de habar berlişli ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň bu ugurdaky halkara başlangyjynyň mazmunyny giňden açyp görkezmek maksady bilen, döwlet Baştutanynyň garamagyna birnäçe teklipler hödürlenildi. Hususan-da, 2026 – 2028-nji ýyllaryň dowamynda milli we halkara bilermenleriň gatnaşmagynda ýurdumyzda halkara hukugynyň dürli ugurlaryna bagyşlanan sebit we halkara maslahatlary hem-de duşuşyklary geçirmek baradaky teklip beýan edildi. Şeýle çäreler 2028-nji ýylda geçirilmegi teklip edilýän esasy halkara foruma mazmun we bilermenler nukdaýnazaryndan taýýarlyk görmäge mümkinçilik berer.

Ilatyň, aýratyn-da ýaş nesliň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ýokary okuw we orta hünär okuw mekdeplerinde halkara hukugynyň esaslary, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy hem-de Milletler Bileleşiginiň halkara hukuk ulgamyny berkitmek ugrunda alyp barýan işleri barada ýörite okuw sapaklaryny, açyk leksiýalary we duşuşyklary guramak boýunça Hereketler meýilnamasyny taýýarlamak teklip edilýär.

Şeýle hem milli we halkara bilermenleriň gatnaşmagynda halkara hukugy boýunça okuw, ylmy-usulyýet we maglumat gollanmalaryny işläp taýýarlamak, elektron bilim serişdelerini döretmek, «Halkara hukuk hepdeligini», BMG-niň işini nusgalaşdyrýan okuw maslahatlaryny we ýaşlaryň arasynda halkara hukugynyň möhüm meseleleri boýunça ylmy işleriň, makalalaryň we düzme ýazmak boýunça bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegini ýola goýmak maksadalaýyk hasaplanylýar.

Şunuň bilen birlikde, halkara hukugynyň ähmiýeti barada tele-radioýaýlymlarda ýörite gepleşikleri we dokumental filmleri taýýarlamak, metbugatda ylmy-köpçülikleýin makalalary çap etmek, şeýle hem Halkara hukuk ýylyna bagyşlanan köp dilli internet sahypasyny ýa-da ýörite maglumat bölümini döretmek maksadalaýyk bolar.

Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda «Halkara hukugy» atly Aşgabat halkara platformasyny döretmek teklip edilýär. Ol halkara hukugyny öwrenmek hem-de bu ugurda halkara bilermenleriň arasynda yzygiderli pikir alyşmak üçin hemişelik hereket edýän ylmy-diplomatik meýdança bolup biler. Şeýle hem platformanyň çäklerinde her ýyl «Aşgabat halkara hukuk dialogyny» we ýaş hukukçylar üçin tomusky mekdepleri geçirmek mümkinçiligine seretmek bolar.

Döwlet Baştutany kararnama boýunça beýan edilen teklipleri goldaýandygyny aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.