Tokioda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň mejlisine taýýarlyk maslahatlaşyldy

18.08.2026

Düýn Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow ROTOBO Ýapon işewürlik assosiasiýasynyň täze bellenen Prezidenti Ý. Kanehan bilen duşuşygy geçirdi.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň 14— 16-njy dekabrynda Tokio şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetleriniň 16-njy mejlisine taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Tokioda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň mejlisine taýýarlyk maslahatlaşyldy Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň biri bolan sirkulýar ykdysadyýet boýunça taslamalar barada hem pikir alşyldy diýlip, ilçihananyň habarynda bellenilýär.