21.08.2026
20-nji awgustda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýetine, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnamasyna bagyşlanan «tegelek stol» geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, çäräniň dowamynda Halk Maslahatynyň 23-nji sentýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän nobatdaky mejlisiniň möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka bolup durýandygy bellenildi. Mejlisiň çäklerinde alnyp barlan işleriň we gazanylan üstünlikleriň jemleriniň jemleniljekdigi, şeýle hem ýurduň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläkki ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitleniljekdigi nygtaldy.
«Tegelek stoluň» dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnamasynyň halkara ähmiýetine aýratyn üns berildi. Bu başlangyjyň halkara hukugynyň ornuny mundan beýläk-de berkitmäge, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ýörelgelerine we kadalaryna hormat goýulmagyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny berkitmäge hem-de netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigi bellenildi.