21.08.2026
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri, GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary I.Nematowyň ýolbaşçylygynda 18 — 20-nji awgust aralygynda Aşgabatda boldular. Saparyň dowamynda olar Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri M.Astanagulow we ministrligiň ýolbaşçy düzümi bilen duşuşdylar.
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça iş duşuşyklary geçirildi
Duşuşyklaryň esasy maksady 11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine taýýarlyk görmekden ybarat boldy.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň maglumatyna görä, gepleşikleriň barşynda geňeşiň ara alyp maslahatlaşjak resminamalarynyň taýýarlyk derejesi, çäreleriň maksatnamasy we olary guramaçylyk taýdan üpjün etmek boýunça işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem mejlisi geçirmek üçin niýetlenen desgalar gözden geçirildi.
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça iş duşuşyklary geçirildi
Işleriň netijesinde degişli teswirnama gol çekildi we GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça bilelikdäki tagallalary dowam etdirmek barada ylalaşyk gazanyldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän ýylynda geçiriljek bu mejlisiň, guramanyň beýleki ýokary edaralarynyň mejlisleri ýaly, gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we möhüm meseleler boýunça çözgütleriň kabul edilmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.