Aşgabadyň demirgazyk künjeginde saglyk şäherçesini gurmak meýilleşdirilýär

24.08.2026

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň demirgazyk künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde gepleşiginde bellenilişi ýaly, merkeziň daş-töwereginiň abadanlaşdyrylmagy bilen bagly meselelere hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi hem-de bu künjekde häzirki zaman saglyk merkezleriniň emele gelendigini aýdyp, bu ýerde häzirki zaman lukmançylyk edaralarynyň gurluşygyny dowam etmek babatda birnäçe maslahatlaryny berdi.

Aşgabadyň günorta künjeginde döwrebap saglyk merkezlerinden ybarat bolan özboluşly saglyk şäherçesiniň döredilendigini aýdyp, lukman Arkadag bu ýerde-de häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilerine laýyk gelýän saglyk şäherçesiniň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde täze saglyk şäherçesiniň döretmek bilen baglanyşykly meseleleri degişli düzümler bilen bilelikde maslahatlaşyp, içgin öwrenmek we bu barada Türkmenistanyň Prezidentine teklipleri hödürlemek boýunça degerli maslahatlaryny berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri döwlet Baştutanynyň teklibi goldan halatynda Çoganly ýaşaýyş toplumynyň bu künjeginde kämil merkezleri özünde jemleýän saglyk şäherçesini döretmek bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn we oýlanyşykly esasda çemeleşmek babatda özüniň öwüt-ündewlerini berdi hem-de kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.