28.08.2026
19 — 23-nji awgust aralygynda Pakistan Yslam Respublikasynyň gurluşyk pudagynyň we hyzmatlar ulgamynyň wekilleri Türkmenistanda saparda boldular.
Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynyň saýtynda berilýän habara görä, pakistan wekiliýeti Türkmenistanyň esasy döwlet we hususy edaralarynda, şol sanda Gurluşyk we binagärlik ministrliginde, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde hem-da Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde duşuşyklary geçirdiler.
Gepleşiklerde ikitaraplaýyn söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, türkmen bazarynda Pakistanyň gurluşyk mümkinçiliklerini ilerletmäge ham-da haryt ugratmak, şertnamalaýyn hyzmatdaşlyk we işewürlik önümçiligini öwrenmäge aýratyn üns berildi.
Saparyň çäklerinde pakistan wekiliýeti «Eziz Doganlar Keramika» keramiki bezeg plitalaryň zawodyna we «Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetine hem baryp gördi.