28.08.2026
Eýranyň ilçihanasy Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara forumlara gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana saparyny guramak boýunça taýýarlyk işlerini alyp barýar. Bu barada Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani ilçihanada geçirilen brifingde aýtdy — diýip, «Turkmenportal» neşiriniň habarçysy habar berdi.
«Oktýabr aýynda Türkmenistanda, Awazada geçiriljek üç möhüm foruma Prezidentimiz çakylyk aldy we olaryň ähmiýetini hem-de geçirilmegini tüýs ýürekden goldady. Häzirki wagtda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň bu çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana saparyny guramak boýunça taýýarlyk işlerini alyp barýarys» — diýip, Ruzbehani brifingiň barşynda belledi.
Öň habar berlişi ýaly, 7–9-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üç sany möhüm sammit, ýagny Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň mejlisi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hem-de Hazar ekologiýa sammiti geçiriler.
«Öňümizdäki forumlara gatnaşmak biziň üçin ikitaraplaýyn, halkara we sebit hyzmatdaşlygynyň çäklerinde hormat goýulýan hem-de möhüm waka bolup durýar» — diýip, diplomat belledi.
Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara ünsi çekip, ilçi olaryň çuňňur taryhy kökleriniň bardygyny aýtdy. «Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary çuňňur köklere eýe bolup, ol hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormat goýmaklyga, umumy bähbitlere we taryhy-medeni gatnaşyklara esaslanýar. Iki ýurt geçen ýyllaryň dowamynda dialogyň we hyzmatdaşlygyň üsti bilen gatnaşyklaryny ösdürmegiň täze ugurlaryny döredip bilýändiklerini görkezdi» — diýip, ol nygtady.
Ilçiniň sözlerine görä, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri energetika bolmagynda galýar. Eýran bilen Türkmenistanyň gaz we elektrik energetika pudaklarynda köpýyllyk hyzmatdaşlyk tejribesi bar we ony has-da giňeltmek üçin mümkinçilikler saklanyp galýar.
Ruzbehani iki ýurduň üstaşyr geçiriş mümkinçiliklerine hem aýratyn ünsi çekdi. «Eýran Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara suwlara çykmagy üçin ugur bolup biler, Türkmenistan bolsa Eýranyň Merkezi Aziýa we onuň çäklerinden has aňyrdaky ýurtlar bilen birleşmeginde möhüm orun eýeläp biler» — diýip, ol aýtdy. Ilçi demir ýol, awtoulag we deňiz gatnawlarynyň ösdürilmeginiň söwdanyň möçberini artdyrmaga we ulag çykdajylaryny azaltmaga ýardam edip biljekdigini hem belledi.
Ilçi Hazar deňzini iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugurlarynyň biri diýip atlandyrdy. Onuň sözlerine görä, Eýranyň we Türkmenistanyň Hazaryň deňiz gurşawyny goramakda, deňiz hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmekde, şeýle hem Hazaryň hukuk derejesi baradaky ylalaşyklary durmuşa geçirmekde umumy bähbitleri bar.
Mundan başga-da, diplomat iki ýurduň gatnaşyklarynyň medeni we ynsanperwer ugruna ünsi çekip, Magtymguly Pyragy, Hoja Ýusup Hemedany, Nurmuhammet Andalyp we Döwletmämmet Azady ýaly şahyrdyr akyldarlaryň umumy mirasyny ýatlatdy.