Türkmenistanda gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak boýunça halkara okuw geçirildi

21.09.2026

Bütindünýä gümrük guramasynyň Türkmenistandaky sebitleýin okuw merkezinde 2026-njy ýylyň 16–18-nji sentýabrynda gümrük ulgamynda töwekgelçilikleri dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryna bagyşlanan üç günlük okuw maslahaty geçirildi. Halkara çäre Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «Ready4Trade Merkezi Aziýa: Hazarüsti ulag geçelgesi arkaly gülläp ösüşe tarap ýol» taslamasynyň çäklerinde Halkara söwda merkezi bilen bilelikde guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berdi.

Okuw maslahatyna Türkmenistanyň gümrük gullugynyň 30-a golaý hünärmeni gatnaşdy. Çäräniň dowamynda halkara bilermen Sertaç Ýapyjy tälimçi hökmünde çykyş edip, häzirki zaman gümrük dolandyryşynda töwekgelçilikleri seljermek we dolandyrmak boýunça öňdebaryjy tejribeler barada giňişleýin maglumat berdi.

Hünärmen öz çykyşlarynda gümrük edaralarynda ulanylýan töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamlarynyň aýratynlyklaryna, maglumatlary seljermek usullaryna hem-de emeli aň tehnologiýalarynyň bu ugurdaky mümkinçiliklerine ünsi çekdi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň gümrük ulgamynda alnyp barylýan işleri ýokary derejede bahalandyryp, maglumat alyşmagyň sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýetini belledi.

Okuwyň dowamynda gümrük işgärleri amaly tabşyryklara we pikir alyşmalara işjeň gatnaşyp, harytlaryň we ulag serişdeleriniň serhetden geçişindäki töwekgelçilik derejesini öňünden kesgitlemek, şeýle hem «ýaşyl», «sary» we «gyzyl» geçelgeleri netijeli ulanmak boýunça tejribe alyşdylar. Gatnaşyjylar halkara tejribeleri Türkmenistanyň gümrük ulgamynyň aýratynlyklaryna laýyklykda ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.