01.10.2026
Türkmenistanda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli dabaraly çäreler giňden bellenilip geçirilýär. Şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna gutlagyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi. Döwlet Baştutany öz gutlagynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy bellenilýän ýylynda geçirilýän bu baýramçylyk çäreleriniň ýaşuly nesillere bolan hormat-sarpany has-da artdyrjakdygyny hem-de watançylyk duýgylaryny pugtalandyrjakdygyna berk ynanýandygyny nygtady. Ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy maksadynyň halkyň, aýratyn hem pähim-paýhasly ýaşulularyň we ýaşlaryň bagtyýar, parahat durmuşyny üpjün etmekden ybaratdygy bellenildi. Gutlagda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň golaýda geçirilen mejlisinde kabul edilen möhüm çözgütler barada hem delillendirildi. Onda jemgyýetde aýratyn hyzmatlary bitiren ýaşulylara «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň dakylandygy we enelerimize «Zenan kalby» ordenleriniň gowşurylandygy barada aýdyldy. Bu günki günde bolsa baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde aýdym-sazly dabaralar we medeni çäreler geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlylygyny daşary syýasatyň özeni hökmünde görkezdi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan iri senagat we durmuş düzümleýin taslamalaryň, döwrebap şäherdir obalaryň gurluşygynyň halkyň abadançylygyna we döwletimiziň depginli ösüşine hyzmat edýändigi bellenilip geçildi. Bu ugurda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan Beýik işleriň we ýaşulylaryň pähim-paýhasly maslahatlarynyň wajyp orny bellenildi. Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow gutlagynyň soňunda ýaşuly nesillere we ähli watandaşlarymyza berk jan saglygyny, bagtyýar durmuş hem-da eziz Watanymyzyň ösüşleriniň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.