Ekologiýa abadançylygy we maýa goýumlar: Türkmenistanyň tejribesi halkara dialogynda tanyşdyryldy

14.10.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri 12-13-nji oktýabrynda Ýewropa Bileleşiginiň «SWITCH-Asia» maksatnamasynyň çäginde Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen «Işewürlik we innowasion telekeçilik arkaly sirkulýar ykdysadyýetiň, howanyň üýtgemeginiň we maýa goýumlaryň arasyndaky arabaglanyşygy giňeltmek» atly dördünji sebitara dialoga gatnaşdylar.

Sebitara dialog bilermenleriň, alymlaryň we parlament wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilip, onuň işi umumy mejlisde we dürli ugurlar boýunça mowzuklaýyn mejlislerde alnyp baryldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ýurdumyzda «ýaşyl» ösüş ýörelgesini ilerletmekde, sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmekde toplanan tejribeler, sirkulýar ykdysadyýete geçmek bilen, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça durmuşa ornaşdyrylýan giň gerimli işler barada gürrüň berdiler.

Şeýle hem maslahatda daşky gurşawy goramak, sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek babatdaky işlerde halkara hyzmatdaşlygyň, maýa goýumlaryň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleriniň sebitara dialogynyň işiniň möhüm ähmiýeti nygtaldy.

Sebitara dialogyň dowamynda Täjigistan Respublikasynyň Parlamentinde kanun çykaryjylyk işi boýunça toplanan tejribeler we «Akia Avesto»-nyň önümçilik toplumynda sirkulýar ykdysadyýet boýunça önümçilik tejribeligi bilen tanşyldy.