19.10.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 17-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde sanly ulgamy ösdürmek we aragatnaşyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Wise-premýer Batyr Annaýew «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň tehniki mümkinçiliklerini giňeltmek, önümçilik binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de milli öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň öýjükli aragatnaşyk ulgamyny döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün etmek, onuň ygtybarlylygyny we elýeterliligini ýokarlandyrmak maksady bilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny täzelemek we döwrebap enjamlar toplumy bilen üpjün etmek boýunça taýýarlanan degişli teklipler döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli öýjükli aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyz «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen teklibi makullap, degişli işleri geçirmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.